Ukrainanyň Goranmak güýçleri Oskol derýasynyň astyndan geçýän gaz geçiriji turbany suwa çümdürdi, rus goşunlary şol ýerden Harkow sebitiniň Kupýansk şäherine aralaşypdy. Bu maglumaty 429-njy aýratyn “AHILLES” pilotsyz uçarlar ulgamy polkunyň serkerdesi Ýuriý Fedorenko “Donbas.Reallyklary” neşirine aýtdy.
Onuň sözlerine görä, rus goşunlary Oskol derýasyndan geçmek üçin gaz geçiriji turbany ulandy. Ukrain goşunlary ony tapmagy başardylar.
"Oskol derýasynyň golaýyna ot açyş serişdeleri bilen zarba uruldy. Jikme-jiklikleri açmaýaryn, sebäbi urgulary dowam etmeli bolmagymyz mümkin. Emma netijede turbageçiriji häzir geçip bolmaz ýaly edildi" diýip, Fedorenko aýtdy. Onuň sözlerine görä, rus goşunynyň turbageçirijini ulanmagy dikeltjek bolmagy mümkin. Ol Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň muňa gözegçilik etjekdigini hem sözüne goşdy.
Ukrainanyň OSINT “Deep State” taslamasy rus goşunlarynyň Oskol derýasyndaky gaz geçirijisi arkaly Kupýanska girýändigini 12-nji sentýabrda habar berdi.