Diňle: Býujetçilerden hakyna tutma ýygymçylar üçin 600 manatdan pul ýygnalýar
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygymy möwsümi dowam edýärkä, Ahal welaýatynda döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalaryň işgärlerinden özlerine derek hakyna tutma işçileri ýatymlaýyn pagta ýygymyna ibermek talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy sentýabrda sebitden maglumat berdi.