Gazagystanda mejbury nika üçin jenaýat jogapkärçiligi girizildi

Bezeg suraty

Gazagystanda, kanunçylyga girizilen üýtgetmeler esasynda, nikalaşmaga mejbur etmegi jenaýat hasaplaýan kanun 16-njy sentýabrda güýje girdi diýip, ýurduň Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

" Jenaýat kodeksine täze, 125-1-nji madda “Nikalaşmaga mejbur etmek" girizildi. Bu hereket, ýagny adamy nikalaşmaga mejbur etmek indiden beýläk jenaýat işi diýlip ykrar edilýär. Nikalaşmaga mejbur etmek üçin jeza görnüşleri jerime salynmagyny, düzediş ýa-da jemgyýetçilik işini, çäklendirmäni ýa-da azatlykdan mahrum edilmegi öz içine alýar” diýip, habarda aýdylýar.

Bellenilýän jeza jenaýatyň ýagdaýyna bagly bolup, takmynan 7,8 million teňňe ýa-da 14,500 dollar jerime we iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek, eger-de nika agyr netijelere getiren bolsa, 5 ýyldan 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berlip biler.

"Nikalaşmaga mejbur etmek zorluk bilen utgaşdyrylanda, kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy ulanylanda, garaşlylygy ulanmak arkaly edilende, bir topar adam tarapyndan edilende ýa-da resmi wezipäni peýdalanmak arkaly amala aşyrylan halatynda has agyr jeza berilýär" diýip, Gazagystanyň Içeri işler ministrligi düşündirdi.