Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalda býujetçileriň aýlyklary gijikdirilýär, häkimiýetleriň jerime salmak, töleg almak çäreleri batlanýar


Türkmenistanyň banklarynyň biriniň daşynda duran raýatlar (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň banklarynyň biriniň daşynda duran raýatlar (Illýustrasiýa suraty)

Ahal welaýatynyň ençeme edara-kärhanasynda işgärleriň aýlyk zähmet haklarynyň berilmegi gijikdirilýär. Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetler raýatlara jerime salmak, şeýle-de olardan hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini almak çärelerini güýçlendirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy sentýabrda Ahaldan maglumat berdi.

“Ahalda ençeme edara-kärhananyň, hususan-da, Bilim ministrligine degişli edaralaryň, şeýle-de Jemagat hojalygy müdirliginiň, ýerli elektrik, gaz we suw üpjünçilik edaralarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklary heniz-de berilmedi” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Adatça her aýyň birinji hepdesinde raýatlaryň bank hasaplaryna geçirilýän zähmet haklarynyň gijikdirilmeginiň sebäbi barada işgärlere edara ýolbaşçylary ýa-da ýerli häkimiýetler tarapyndan aç-açan düşündiriş berilmeýär.

“Başlyklar diňe “garaşyň, öňümizdäki günlerde geler” diýip jogap berýärler” diýip, ahally mekdep mugallymy anonimlik şertinde aýtdy.

Jerime salmak, tölegleri ýygnamak

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda bilim bölüminden we Jemagat hojalygy müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Ýöne bu waka, Balkan welaýatynyň ençeme edara-kärhanasynda hem, işgärleriň aýlyk zähmet haklarynyň, pensionerleriň pensiýa haklarynyň we mümkinçiligi çäkli raýatlaryň, ýaş çagaly eneleriň döwlet kömek pullarynyň berilmeginiň gijikdirilýän mahalyna gabat geldi.

Balkanyň döwlete degişli maliýe edaralarynyň biriniň hünärmeni 18-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda gijikmäniň sebäbini “býujetde puluň ýokdugy” bilen düşündiripdi.

Bu aralykda, ýerli häkimiýetler raýatlara jerime salmak, şeýle-de olardan hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini almak çärelerini güýçlendirmek arkaly, "býujetiň girdejisini artdyrmaga çalyşýan" ýaly bolup görünýär.

“Soňky birnäçe günüň dowamynda köp gatly jaýlaryň töweregindäki polisiýa işgärleriniň sany köpelip, olar çilim çekýän, nas atýan raýatlara yzygiderli jerime ýazýarlar. Olar “häzir aýlyklar saklanýar, şonuň üçin jerime ýazmak güýçlenýär, býujeti dolmaly” diýýärler” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan änewli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Mundan başga-da, şu günler Ahalyň elektrik, gaz we suw üpjünçilik edaralarynyň işgärleri hem ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, olardan hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini tizden-tiz geçirmegi talap edýärler.

Pagta pul ýygnamak dowam edýär

“Ýaşaýjylaryň köpüsi aýlyk geçmändigi sebäpli pulunyň ýokdugyny aýdyp, garaşmagy haýyş edýär. Biz olara muny bilýändigimizi, biziňem aýlyklarymyzyň geçmändigini, ýöne başlyklaryň edýän talabyny berjaý edýändigimizi düşündirmäge çalyşýarys. Sebäbi edara başlyklary “býujeti dolmaly” diýip, bizi hem gyssaýarlar” diýip, ýerli elektrik edarasynyň bir işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli elektrik, gaz, suw edaralaryndan we Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Habarçymyz aýlyklaryň gijikdirilýändigine garamazdan, edara-kärhanalaryň ençemesinde işgärlerden pagta ýygymy möwsümi üçin pul ýygnamak çäresiniň dowam edýändigini hem belleýär.

“Köp işgär aýlyk geçmändigi sebäpli, özlerinde puluň ýokdugyny, töläp bilmejekdigini aýdýar. Ýöne başlyklarymyz “pagta üçin pul ýygnap, her gün häkimlige tabşyrmaly” diýip, halys goýanoklar. Köp işgär karz alyp, pagta ýygymy üçin pul geçirýär” diýip, ahally mugallym aýtdy.

Aýlyklaryň gijikdirilmegi, habarçymyzyň tassyklamagyna görä, sebitiň ençeme bazarynda söwdanyň haýallamagyna hem getirdi. Häzir bazarlarda söwda edýän alyjylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny synlasa bolýar.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soňky ýyllarda raýatlaryň aýlyk we pensiýa haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň berilmeginiň gijikdirilmegi bilen bagly ýagdaýlar wagtal-wagtal ýüze çykýar. Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG